Söýgüli Pygamberim

BIGSETI1 WE ÇAGYRYŞY

Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) otuz ýedi ýaşynda bolanda, gaýypdan ony: “Eý Muhammet!” diýip çagyrýan sesleri eşiderdi. Otuz sekiz ýaşyna girende, ol käbir nurlary görüp başlady. Öz ýagdaýlaryny ol diňe hezreti Hatyja enemize gürrüň bererdi. Muhammet aleýhisselama pygamberligiň bildiriljek wagty ýakynlaşanda (takmynan on ýyl öň), zamanyň meşhur edipleriniň biri Kus ibn Sagyde Ukaz ýarmarkasynda düýäniň üstünden uly märekäniň öňünde okan hutbasynda onuň geljekdigini buşlapdy. Söýgüli Pygamberimiz hem bu hutbany diňleýänleriň arasyndady. Kus ibn Sagyde özüniň bu meşhur hutbasynyň bir böleginde şeýle diýipdir:

“Eý ynsanlar! Geliň, diňläň, garaşyň, ibret alyň! Ýaşaýan öler, ölen ýok bolar, boljak bolar!.. Gulak asyň, gowy diňläň! Asmanda habar bar, ýerde ibret aljak zatlar bar!.. Allahyň huzurynda bir din bar!.. We Allahyň geljek bir pygamberi bar. Onuň gelmegi örän ýakyn. Onuň kölegesi eýýäm başyňyzyň üstüne düşdi. Ony diňleýänler we oňa iman getirýänler nähili mübärek! Oňa garşy çykan we oňa boýun egmedik betbagta waý! Ömürleri gaflat bilen geçen ymmatlara gynanç bolsun!..”

Şol wagt Arabystanda adamlar ylahy ölçeglerden daşlaşypdy, baý we garyp, güýçli we ejiz, hojaýyn we gul ýaly synplara bölünipdi. Birinjiler ikinjileri öz agalyklarynyň astynda ezýärdi, olary adam hasabyna-da goşmaýardy. Ejizleriň mallaryny zor bilen ellerinden alýardylar, muňa päsgel berjek hiç bir häkimiýet ýokdy. Allahu tagala iman getirmegiň berýän haýa we gorky duýgusyndan mahrum bolany üçin, olar fazyletden gaty daşlaşypdylar. Her hili ahlaksyzlyk, abraýy we namysy aýak astyna salmak ýaly pes işler erkin edilýärdi; gumar, içgi, keýp-sapa mejlisleri hiç geň görülmeýärdi. Yzy kesilmeýän adam öldürmeler, zyna we çozuş wakalary töweregi ýakyp-ýandyrýardy, günäsiz adamlaryň iňňildileri we aýylganç gykylyklary Arşy ýaňlandyrýardy. Ahlak taýdan doly pesgişlik höküm sürýärdi, adamlar nadanlyk deňzinde gark bolýardylar. Aýaly ýönekeý bir haryt ýaly satyn alýardylar we satýardylar, gyz çagalary diriligine rehimsizlik bilen ýere gömýärdiler. Iň erbedi bolsa, gaty ýürekli, ters we merhemetden daş bu adamlar öz elleri bilen ýasan, ne peýda, ne-de zyýan ýetirip bilmeýän butlara çokunmagy uly şeref hasaplaýardylar.

Adam aleýhisselamdan bäri dünýäde beýle wagşylyk, azgynlyk, ahlaksyzlyk, imansyzlyk we keýpsapalyk görülmändi. Adamlar edil ýyrtyjy haýwanlara öwrülipdi. Her kes biri-birine duşmandy, jemgyýet her pursat partlamaga taýýar durdy. Adamlaryň asudalyga ýetmekleri üçin, bu garaňkylykda bir bagt Gününiň dogmagy gerekdi. Ol doganda, imansyzlygyň ornuny iman, zulmuň ornuny adalat, nadanlygyň ornuny ylym alar we adamlar ebedi bagta ýeterdiler.

Ahyrsoňy söýgüli Pygamberimize ilki dogry düýşler görkezilip başlandy. Hadysy şerifde wahynyň ilki bilen dogry düýş bilen başlanandygy bildirilýär. Onuň düýşünde görenleri edil şeýle çykýardy. Bu ýagdaý alty aý dowam etdi. Wahynyň gelmegi ýakynlaşanda, “Eý Muhammet!” diýen sesler köpeldi. Şondan soň ol ýalňyzlygy söýüp, adamlardan daşlaşyp, Hyra dagyndaky bir gowakda oýa-pikire çümüp başlady. Käte ol Mekgä gelerdi, Käbäni towap ederdi we bagtly öýüne giderdi. Bagtly öýünde biraz bolandan soň, ol özi bilen biraz iýmit alyp, ýene Hyra dagyndaky gowaga dolanardy, oýlanmak we ybadat bilen meşgullanardy. Käte ol şol ýerde günlerläp galardy. Şonda hezreti Hatyja oňa iýmit ibererdi ýa-da özi alyp barardy.2

Muhammet aleýhisselam Hajarul-eswedi mübärek hyrkasynyň üstüne goýdy-da: “Her taýpadan bir adam onuň bir ujundan tutsun” diýdi Söýgüli Pygamberimiz Muhammedul-Emin (sallallahu aleýhi we sellem)

Ilkinji wahy

Pygamberimiz kyrk ýaşynda bolanda, ýene Ramazan aýynda Hyra dagyndaky gowaga çekilip, oýa-pikire çümüpdi. Ramazanyň 17-nji güni, duşenbe gijesi, ýary gijeden soň, ol özüniň adyny tutup çagyrýan bir sesi eşitdi. Başyny galdyryp, töweregine seredende, ol şol sesi ikinji gezek eşitdi we töweregi birden bir nuruň gaplandygyny gördi. Soňra onuň garşysyna Jebraýyl3 aleýhisselam geldi we: “Oka!” diýdi. Pygamberimiz oňa: “Men okap bilmeýärin!” diýip jogap berdi. Şonda perişde ony tutup, ysgyny gutarýança gysdy we: “Oka!” diýdi. Ol ýene: “Men okap bilmeýärin!” diýip jogap berdi. Perişde ony ýene bir gezek gysdy we: “Oka!” diýdi. Ol: “Men okap bilmeýärin!” diýende, perişde ony üçünji gezek gysdy. Soňra ony goýberdi we manysyna görä: “(Eý Muhammet aleýhisselam!) Her zady ýaradan Rebbiň Allahyň ady bilen oka! Ol ynsany gatan gandan (alakdan) ýaratdy! Oka, Allah beýik kerem eýesidir! Ol galam bilen öwredýär, bilmedik zatlaryny öwredýär” bolan Alak süresiniň ilkinji bäş aýatyny getirdi.4 Muhammet aleýhisselam hem onuň bilen bile okady. Ilkinji wahy şeýdip geldi we bütin jahany ýagtyldan yslam Güni şeýdip dogdy.5

Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) uly titreme we tolgunma bilen Hyra dagyndaky gowakdan çykyp, aşak düşüp başlady. Dagyň ortasyna ýetende, ol bir ses eşitdi. Jebraýyl aleýhisselam: “Eý Muhammet! Sen – Allahu tagalanyň resulysyň, men bolsa – Jebraýyl” diýdi-de, ökjesi bilen ýere urdy. Uran ýerinden suw çykdy we ol täret alyp başlady. Pygamberimiz ony ünsli synlap durdy. Jebraýyl aleýhisselam täretini tamamlandan soň, Pygamberimize gören ýaly täret almagy buýurdy. Söýgüli Pygamberimiz täretini tamamlandan soň, Jebraýyl aleýhisselam imam6 boldy we olar iki rekagat namaz okadylar.

Şondan soň Jebraýyl aleýhisselam: “Eý Muhammet! Rebbiň saňa salam iberýär!” diýdi we yzyndan Onuň: “Sen – jynlara we ynsanlara Meniň Resulymsyň. Onda olary tewhide çagyr” diýendigini aýtdy. Soňra ol ondan aýrylyp, asmana göterildi. Şeýdip, söýgüli Pygamberimiz Jebraýyl aleýhisselamy hem gördi, onuň bilen hem gürleşdi.

Daşlaryň we agaçlaryň salamy

Pygamberimiz bagtly öýüne ýetýänçä, ýanyndan geçen her bir daşyň, her bir agajyň: “Esselamu aleýke ýa Resulallah!” diýýändigini eşitdi. Öýüne gelenden soň, ol: “Meni örtüň! Meni örtüň!” diýdi we titremesi geçýänçä dynç aldy. Soňra görenlerini hezreti Hatyja enemize gürrüň berdi we şeýle diýdi: “Jebraýyl (aleýhisselam) gözümden gaýyp boldy. Emma onuň haýbaty, güýji we döreden gorkusy meniň üstümden aýrylmady. Maňa mejnun diýerler, dil uzadyp ýamanlarlar diýip gorkdum”. Bu ýagdaýlara we bu günlere garaşan, muňa taýýar bolan hezreti Hatyja şeýle diýdi: “Allahu tagala gorasyn. Hak tagala saňa haýyr berer we saňa haýyrdan başga hiç zat islemez. Allahu tagalanyň haky üçin, seniň bu ymmatyň pygamberi boljakdygyňa ynanýaryn. Çünki sen myhmany söýýärsiň. Sen dogruçyl we ynamdar. Ejizlere kömek edýärsiň, ýetimleri goraýarsyň, garyplara kömek berýärsiň. Häsiýetiň gowy; bu sypatlaryň eýesine gorky ýokdur”.7

Soňra olar bu ýagdaý barada soramak üçin Waraka ibn Nowfalyň ýanyna bardylar. Resulullahyň gürrüň berenlerini diňländen soň, Waraka şeýle diýdi: “Begen, eý Muhammet aleýhisselam! Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, sen – hezreti Isanyň habar beren soňky pygamberi. Saňa görünen perişde – senden öň Musa aleýhisselama gelen Jebraýyl aleýhisselamdyr. Wah! Käşgä ýaş bolsadym! Seni Mekgeden kowup çykarjak wagtlaryna çenli ýaşasadym-da, kömegiňe ylgasadym! Örän ýakyn wagtda saňa dini ýetirmek we jihat etmek buýrular”. Ol Pygamberimiziň mübärek elini ogşady. Kän wagt geçmänkä, ol wepat boldy.8

Dini ýetirmek buýrugynyň gelmegi

Söýgüli Pygamberimize onuň pygamberliginiň bildirilen ilkinji wahysy şeýdip geldi. Soňra ol kesildi we üç ýyl gelmedi. Bu aralykda Ysrapyl aleýhisselam atly perişde gelip, oňa käbir zatlary öwretdi. Bular wahy däldi. Bu döwürde Resulullah käte örän köp ejir çekerdi. Ol gynandygyça Jebraýyl aleýhisselam görnüp: “Eý Habybullah! Sen – Allahu tagalanyň pygamberi” diýerdi we onuň gaýgysyny köşeşdirerdi. Pygamberimiz şeýle diýdi: “Bu wahynyň kesilen wagtydy. Hyra dagyndan aşak düşüp barýarkam, birden asman tarapdan bir ses eşitdim. Ýokary seretdim we Jebraýyly (aleýhisselam) gördüm. Ol ýer bilen asmanyň arasynda bir kürsiniň üstünde oturyrdy. Meni gorky basdy. Öýe geldim we: ‘Meni bir zat bilen örtüň’ diýdim. Şonda Hak tagala Muddessir süresiniň manysyna görä: ’Eý örtgüsine bürenen Muhammet aleýhisselam! Tur-da (kapyrlary Allahu tagalanyň azaby bilen) gorkuz! Rebbiňi beýgelt, ulula! Eşikleriňi päk sakla!’ bolan ilkinji aýatlaryny9 inderdi. Şondan soň wahy indi kesilmedi”.

Kainatyň buýsanjy (aleýhi efdalussalawat) Pygamberimiz adamlary yslama çagyryp, Allahu tagalanyň buýruklaryny we gadaganlyklaryny ýetirip başlady. Jebraýyl aleýhisselam wahy getirende, käte ynsan şekline girip, hormatly sahabalardan Dihýe Kelbiniň keşbinde gelerdi. Käte ol wahyny Pygamberimiziň ýüregine salardy; şonda Resulullah ony görmezdi. Käte wahy düýş arkaly, käte bolsa gorkunç bir guwwuldy bilen gelerdi.

Wahynyň Pygamberimize iň agyr we iň kyn geleni şudy. Şeýle wagtlarda Resulullahyň mübärek maňlaýyndan iň sowuk günde hem der akardy, ol düýäniň üstünde bolsa, wahynyň agyrlygyndan düýe ýere çökerdi. Onuň ýanynda bolan sahabalar hem wahynyň agyrlygyny duýardylar. Jebraýyl aleýhisselam birnäçe gezek öz keşbinde hem geldi.

“Eý örtgüsine bürenen Muhammet! Tur-da (kapyrlary Allahu tagalanyň azaby bilen) gorkuz! Rebbiňi beýgelt, ulula!” Muddessir: 1–3

Allahu tagala Pygamberimize perişdesiz we perdesiz, ýagny hiç hili araçysyz hem wahy iberdi. Bu ýagdaý Miraj gijesinde boldy. Ilkinji wahynyň gelmegi bilen pygamberlik wezipesine başlan Muhammet Mustafanyň (sallallahu aleýhi we sellem) yslamy ýetirmegi ýigrimi üç ýyl dowam etdi. Bu wagtyň on üç ýyly Mekgede, on ýyly Medinede geçdi. Kurany Kerim 22 ýyl 2 aý 22 günüň dowamynda inderilip tamamlandy.

Muhammet aleýhisselam ummy adamdy, ýagny ol kitap okamandy, ýazy ýazmandy we hiç kimden sapak almandy. Ol Mekgede doglup ulalypdy, belli adamlaryň arasynda terbiýelenipdi. Şeýle bolsa-da, ol Töwratda, Injilde, grek we rim döwürlerinde ýazylan kitaplarda bolan maglumatlardan, wakalardan habar berdi. Yslamy bildirmek üçin ol hijretiň altynjy ýylynyň ahyrynda we ýedinji ýylynyň başynda Wizantiýa, Eýran we Habeşistan hökümdarlaryna we beýleki arap patyşalaryna hatlar iberdi. Onuň huzuryna altmyşdan gowrak daşary ýurt ilçisi geldi. Bu barada Kurany Kerimde manysyna görä şeýle bildirilýär: “Sen bu Kurany Kerim gelmezinden öň hiç bir kitap okamadyň. Ýazy hem ýazmadyň. Eger okap-ýazyp bilýän bolsaň, başgalardan öwrendiň diýerdiler”.10

Hadysy şerifde hem: “Men ummy pygamber Muhammetdirin… Menden soň pygamber ýokdur” diýildi.11 Şeýle hem Kurany Kerimde şeýle diýilýär: “Ol (Muhammet aleýhisselam) öz islegi bilen geplemeýär. Onuň sözleri – oňa wahy bilen bildirilýän, öwredilýän sözlerdir”.12

Ilkinji musulmanlar (Sabykunul-yslam)

Pygamberimize (sallallahu aleýhi we sellem) ilkinji wahy gelenden soň iň ilkinji iman getiren hezreti Hatyja enemiz boldy.13 Ol hiç ikirjiňlenmän yslamy derrew kabul edip, ilkinji musulman bolmak şerefine ýetdi.

Pygamberimiz hezreti Hatyja enemize Jebraýyl aleýhisselamyň öwredişi ýaly täret almagy öwretdi. Soňra Pygamberimiz imam boldy we olar bile iki rekagat namaz okadylar. Hezreti Hatyja enemiz söýgüli Pygamberimiziň her sözüne, her buýrugyna iň kämil görnüşde boýun boldy. Şeýdip, ol Allahu tagalanyň huzurynda örän beýik derejelere ýetdi. Resulullah gynansa, inkär edýänleriň masgaralamagyndan ejir çekse, ol oňa teselli bererdi, gaýgysyny dagadardy. Ol şeýle diýerdi: “Ýa Resulallah! Hiç gynanma, gam çekme. Ahyrynda dinimiz güýçlener, müşrikler heläk bolarlar. Kowmuň saňa boýun bolar…” Hatyja enemiziň bu kömekleri üçin bir gün Jebraýyl aleýhisselam gelip: “Ýa Resulallah! Allahu tagalanyň salamyny Hatyjanyň özüne ýetir” diýdi. Pygamberimiz: “Eý Hatyja! Ine, Jebraýyl (aleýhisselam) saňa Allahu tagalanyň salamyny ýetirýär” diýdi.14

Pygamberimiz bir gezek ýene şeýle diýdi: “Allahu tagala maňa Hatyjany jennetde dürden bir öý bilen buşlamagy buýurdy. Ol ýerde kesel hem, gaýgy hem, baş agyrysy hem ýokdur”.

Hezreti Hatyjadan soň ululardan ilkinji bolup musulman bolan – Resulullahyň ýakyn dostlaryndan hezreti Abu Bekirdir. Hezreti Abu Bekir mundan ýigrimi ýyl öň bir düýş görüpdi: “Asmandan dolan Aý inip, Käbeýi muazzamanyň üstüne gelipdir, bölek-bölek bolup dargapdyr, her bölegi Mekgäniň öýleriniň biriniň üstüne düşüpdir, soňra bu bölekler bir ýere jemlenip, asmana galypdyr. Emma Abu Bekiriň öýüne düşen bölek asmana galmandyr. Muny gören hezreti Abu Bekir derrew öýüniň gapysyny ýapypdyr, edil bu Aý böleginiň gitmegine ýol bermedik ýaly bolupdyr”.

Abu Bekir düýşden tolgunyp oýandy we daň atan badyna derrew ýahudy alymlarynyň birine ylgap baryp, düýşüni gürrüň berdi. Ol alym jogap edip: “Bu – bulaşyk düýşleriň biri, şonuň üçin ol ýorulmaýar” diýdi. Emma bu düýş Abu Bekiriň aňyny biynjalyk etmegini dowam etdirdi, ýahudynyň jogaby hem ony kanagatlandyrmady. Bir gezek söwda bilen gidende, onuň ýoly rahyp Bahyranyň ýurduna düşdi. Gören düýşüniň ýorgudyny Bahyradan soranda, Bahyra: “Sen nireden?” diýdi. Hezreti Abu Bekir: “Kuraýşdan” diýip jogap berende, Bahyra şeýle diýdi: “Ol ýerde bir pygamber çykar we hidaýat nury Mekgäniň her künjüne ýeter. Sen onuň diri wagty – weziri, wepatyndan soň bolsa halyfy bolarsyň”. Hezreti Abu Bekir bu jogaba örän haýran galdy. Bu düýşüni we onuň ýorgutlaryny ol Pygamberimiz pygamberligini yglan edýänçä hiç kime aýtmady. Söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselam pygamberligini yglan edende, hezreti Abu Bekir derrew Pygamberimiziň ýanyna ylgap geldi we: “Pygamberleriň pygamberliklerine delilleri bolýar, seniň deliliň näme?” diýip sorady. Pygamberimiz jogap edip: “Meniň pygamberligime delil – seniň bir ýahudy alymyndan ýordurmak islän şol düýşüň. Ol alym: ‘Bu – bulaşyk düýşlerden, ol ýorulmaýar’ diýdi. Soňra rahyp Bahyra ony dogry ýordy” diýdi we hezreti Abu Bekire ýüzlenip: “Eý Abu Bekir! Men seni Allaha we Onuň Resulyna çagyrýaryn” diýdi.

Şonda hezreti Abu Bekir: “Şaýatlyk edýärin: sen – Allahu tagalanyň resulysyň, seniň pygamberligiň – hak, ol – jahany ýagtyldýan bir nur” diýip, musulman boldy.

Başga bir rowaýata görä, Pygamberimize pygamberlik gelmezinden öň hezreti Abu Bekir söwda maksady bilen Ýemene gidipdi. Bu syýahatynda ol Ýemende Ezd taýpasyndan köp kitap okan bir garra duşdy. Bu garry hezreti Abu Bekire seredip: “Meniň pikirimçe, sen Mekge halkyndan” diýende, hezreti Abu Bekir: “Hawa, şeýle” diýdi we olaryň arasynda şeýle gürrüňdeşlik boldy:

– Sen Kuraýşdanmy?

– Hawa!

– Beni Temimdenmi?

– Hawa!

– Ýene bir alamat galdy. – Haýsy?

– Garnyňy aç, göreýin.

– Aýt, mundan maksadyň näme?

– Kitaplarda okadym: Mekgede bir pygamber geler. Oňa iki adam kömekçi bolar. Biri ýaş, beýlekisi garry. Ýaşy köp kynçylyklary ýeňillige öwrer, köp belalary aýrar. Garrynyň bolsa ýüzi ak, bili inçe, garnynyň üstünde bir gara meň bar. Meniň pikirimçe, ol adam – sen. Garnyňy aç, göreýin.

“Ol (Muhammet aleýhisselam) öz islegi bilen geplemeýär. Onuň sözleri – oňa wahy bilen bildirilýän, öwredilýän sözlerdir” Nejm: 3–4

Şonda hezreti Abu Bekir mübärek garnyny açdy; onuň göbeginiň üstündäki gara meňi görende, garry: “Allaha kasam, ol adam – sen” diýdi we Abu Bekire köp wesýetler etdi. Hezreti Abu Bekir işini tamamlandan soň, hoşlaşmak üçin garrynyň ýanyna geldi we ondan Pygamberimiz barada birnäçe beýt aýtmagyny haýyş etdi. Şonda garry on iki beýt okady, hezreti Abu Bekir bolsa olary ýatlap aldy.

Hezreti Abu Bekir syýahatdan Mekgeýi mükerremä dolananda, Ukbe ibn Abu Mugaýt, Şeýbe, Abu Jehil, Abul-Buhteri ýaly Kuraýşyň görnükli adamlary ony zyýarat etmek üçin öýüne geldiler. Hezreti Abu Bekir olara: “Araňyzda bir waka bolmadymy?” diýdi. Olar jogap edip şeýle diýdiler: “Mundan geň waka bolarmy: Abu Talybyň ýetimi pygamberlik dawa edýär we siz, kakalaryňyz hem, atalaryňyz hem batyl dinde diýýär. Eger seniň hatyraň bolmadyk bolsa, biz ony şu wagta çenli diri goýmazdyk. Sen onuň ýakyn dosty, bu işi sen özüň çöz”.

Hezreti Abu Bekir olardan sypyp, Pygamberimiziň hezreti Hatyjanyň öýündedigini bildi. Ol baryp, gapyny kakdy. Pygamberimiz ony garşylanda, Abu Bekir: “Eý Muhammet! Seniň hakyňda aýdylýanlar näme?” diýip sorady. Pygamberimiz şeýle diýdi: “Men Hak tagalanyň pygamberidirin. Men saňa we ähli Adam ogullaryna iberildim. Iman getir, Hak tagalanyň razylygyna ýetersiň we janyňy dowzahdan gorap saklarsyň”.

Hezreti Abu Bekir: “Muňa delil näme?” diýende, Resuly ekrem: “Delil – seniň Ýemende gören garryňyň hekaýasy” diýdi. Hezreti Abu Bekir: “Men Ýemende köp garrylary we ýaşlary gördüm” diýdi. Pygamberimiz jogap edip: “Saňa on iki beýti amanat edip beren we olary maňa iberen garry” diýdi we ol beýtleriň hemmesini okady. Hezreti Abu Bekir: “Muny saňa kim habar berdi?” diýende, Pygamberimiz: “Menden öňki pygamberlere gelen perişde habar berdi” diýip jogap berdi. Ol muny aýdan badyna, hezreti Abu Bekir: “Eliňi maňa ber” diýip, onuň mübärek elinden tutdy we: “Eşhedu en la ilähe illallah we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluhu” diýip, musulman boldy.15 Ömründe ilkinji gezek duýan uly şatlygy bilen hezreti Abu Bekir öýüne musulman bolup dolandy. Hadysy şerifde hem şeýle diýilýär: “Kime iman teklip eden bolsam, ol ýüzüni çytardy, ikirjiňlenip seredärdi. Diňe Abu Bekir Sydyk imany kabul etmekde hiç ikirjiňlenmedi we saklanmady”.

Bir gün Pygamberimiz hezreti Hatyja enemiz bilen namaz okaýarka, hezreti Aly olary gördi. Şol wagt ol on ýa-da on iki ýaşyndady. Namazdan soň ol: “Bu näme?” diýip sorady. Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Bu – Allahu tagalanyň dini. Men seni bu dine çagyrýaryn. Allahu tagala birdir, Onuň şärigi ýokdur. Men seni ýeke-täk bolan, deňi-taýy, şärigi bolmadyk Allaha iman getirmäge çagyrýaryn…” Hezreti Aly: “Ilki kakam bilen maslahatlaşaýyn” diýdi. Resulullah oňa: “Eger yslama girmeseň, bu syry hiç kime aýtma!” diýdi. Ertesi gün irden hezreti Aly Resulullahyň huzuryna geldi we: “Ýa Resulallah! Maňa yslamy öwret” diýip, musulman boldy.16

Hezreti Aly musulman bolanlaryň üçünjisidi. Resuly ekremiň ýolunda görkezen pidakärligi we ony özünden üstün tutmagy bolsa her hili öwgüden ýokarydyr.

Zeýd ibn Harysa ilkinji iman getirenlerdendi. Ol hezreti Hatyjadan, hezreti Abu Bekirden we hezreti Alydan soň dördünji, azat edilen gullaryň arasynda bolsa ilkinji musulman bolmak şerefine ýetdi. Onuň bilen bile aýaly Ummu Eýmen hem musulman boldy.17

Hezreti Abu Bekir musulman bolandan soň, derrew örän söýýän dostlarynyň ýanyna gitdi. Ol olary hem musulman bolmaga yrdy. Hormatly sahabalaryň görnüklilerinden Osman ibn Affan, Talha ibn Ubeýdulla, Zubeýr ibn Awwam, Abdyrahman ibn Awf, Sagt ibn Abu Wakkas ýaly öz kowmunyň görnükli, beýik şahslary – olaryň iň belli bolanlarydyr.18 Hezreti Hatyja enemizden soň musulman bolan bu sekiz adama Sabykunul-yslam, ýagny ilkinji musulmanlar diýilýär. Hezreti Osman özüniň musulman bolşuny şeýle gürrüň berýär: “Meniň kähin bir daýzam bardy. Bir gezek men ony zyýarat etdim. Ol maňa şeýle diýdi: ‘Saňa bir aýal nesip bolar. Emma ondan öň sen hiç bir aýaly görmedik bolarsyň, ol hem senden öň hiç bir erkegi görmedik bolar. Ol – ýüzi owadan, zahyda bir hanym we bir beýik pygamberiň gyzy bolsa gerek’.

Men daýzamyň bu sözüne haýran galdym. Ol maňa ýene şeýle diýdi: ‘Bir pygamber geldi. Oňa asmandan wahy indi’. Men: ‘Eý daýza! Beýle syr şäherde hiç eşidilmedi. Onda bu sözi açyk aýt’ diýdim. Şonda daýzam şeýle diýdi: ‘Muhammet ibn Abdyllanyň pygamberligi bildirildi. Ol halky dine çagyrýar. Gysga wagtyň içinde älem onuň dini bilen nurlanar, garşy çykanlaryň bolsa kellesi kesiler’.

Daýzamyň bu sözleri maňa gaty täsir etdi. Men aladalandym. Hezreti Abu Bekir bilen biziň aramyzda uly dostluk bardy; biz biri-birimizden hiç aýrylmazdyk. Bu meseläni gürleşmek üçin iki günden soň men hezreti Abu Bekiriň ýanyna bardym. Daýzamyň aýdanlaryny gürrüň berenimde, ol maňa şeýle diýdi: ‘Eý Osman! Sen akylly adam. Görmeýän hem, eşitmeýän hem, hiç zada ne peýda, ne-de zyýan ýetirip bilmeýän birnäçe daş nädip ylahlyga mynasyp bolsun?’ Men: ‘Dogry aýdýarsyň, daýzamyň sözi – hakykat’ diýdim.”

Hezreti Osmana yslamy düşündirenden soň, hezreti Abu Bekir ony Resulus-sekaleýn, ýagny ynsanlaryň we jynlaryň pygamberi bolan Pygamberimiziň huzuryna alyp bardy. Söýgüli Pygamberimiz hezreti Osmana şeýle diýdi: “Eý Osman! Hak tagala seni jennete myhmançylyga çagyrýar. Sen hem bu çakylygy kabul et. Men ähli ynsanlara hidaýat ýolbaşçysy edip iberildim”. Resulullahyň beýik ýagdaýlarynyň we güler ýüz bilen aýdan sözleriniň öňünde özüni ýitirip, hezreti Osman uly şowk we tabynlyk bilen: “Eşhedu en la ilähe illallah we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluhu” diýip, musulman boldy.

Resulullah pygamberliginiň ilkinji üç ýylynda adamlary yslama gizlin çagyrdy. Adamlar ýuwaş-ýuwaşdan, birden-ikiden musulman bolup başladylar. Bu wagtyň içinde musulmanlaryň sany bary-ýogy otuza ýetdi. Olar ybadatlaryny öýlerinde ederdiler we Kurany Kerimiň inen mukaddes aýatlaryny gizlin okap, ýatlardylar.

“Sabykunul-yslam, ýagny ilkinji musulmanlar: Abu Bekir Sydyk, Aly ibn Abu Talyp, Zeýd ibn Harysa, Osman ibn Affan, Abdyrahman ibn Awf, Sagt ibn Abu Wakkas, Zubeýr ibn Awwam we Talha ibn Ubeýdulla” (radyýallahu anhum ejmagin)

Ýakyn garyndaşlary çagyrmak

Resulullah Muddessir süresi inenden soň, adamlary yslam dinine çagyryp başlapdy. Bu çagyryşy ol gizlin alyp barýardy. Biraz wagtdan soň manysyna görä: “Ýakyn garyndaşlaryňy Allahu tagalanyň azaby bilen gorkuzyp, olary hak dine çagyr” bolan mukaddes aýat indi.19 Şondan soň Pygamberimiz Muhammet aleýhisselam garyndaşlaryny dine çagyrmak üçin hezreti Alyny iberdi we olaryň hemmesini Abu Talybyň öýüne çagyrdy. Ol olaryň öňüne diňe bir adama ýetjek bir tabak nahar we bir käse süýt goýdy. Ilki özi Bismilla bilen iýip başlady, soňra gelen garyndaşlaryna: “Buýruň” diýdi. Gelenler kyrk adamdy. Emma goýlan nahar olaryň hemmesini doýurdy we hiç azalmady. Gelenler bu mugjyzanyň öňünde aňk-taňk boldular. Nahardan soň Pygamberimiz garyndaşlaryny yslama çagyrmak üçin söze başlajak bolup durdy. Şonda kakasynyň dogany Abu Leheb duşmançylyk bilen: “Biz şu günki ýaly jady görmändik. Garyndaşyňyz sizi jady bilen jadylady. Eý doganymyň ogly! Men seniň getirişiň ýaly şer we ýamanlyk getiren başga bir adamy görmedim” diýip, masgaralaýjy sözlerini dowam etdi.

Pygamberimiz Abu Lehebe: “Kuraýşyň hem, ähli arap taýpalarynyň hem edip bilmejek ýamanlygyny maňa sen etdiň!” diýdi. Olaryň hiç biri musulman bolman dargadylar. Bu wakadan kän wagt geçmänkä, ol garyndaşlaryny ýene çagyrdy. Hezreti Aly ýene olaryň hemmesini çagyryp getirdi.

Öňküsi ýaly, olaryň öňüne nahar goýuldy. Nahardan soň Pygamberimiz ýerinden turdy we şeýle diýdi: “Hamd diňe Allahu tagala mahsusdyr. Kömegi diňe Ondan soraýaryn. Oňa ynanýaryn, Oňa daýanýaryn. Şeksiz bilýärin we bildirýärin: Allahu tagaladan başga ilah ýokdur, Ol birdir. Onuň deňi-taýy hem, şärigi hem ýokdur”. Soňra ol sözüni şeýle dowam etdi: “Men size hiç haçan ýalan sözlemeýärin, men size dogrusyny bildirýärin… Men sizi ýeke-täk bolan we Ondan başga ilah bolmadyk Allahu tagala iman getirmäge çagyrýaryn. Men Onuň size we bütin adamzada iberen pygamberidirin. Allaha kasam, siz uka gidişiňiz ýaly ölersiňiz, ukudan oýanyşyňyz ýaly direldilersiňiz we ähli eden işleriňizden hasaba çekilersiňiz; ýagşylyklaryňyz üçin sylag, ýamanlyklaryňyz üçin jeza görersiňiz. Ol bolsa – ýa jennetde ebedi galmak, ýa-da dowzahda ebedi galmakdyr. Adamlardan ahyret azaby bilen ilki gorkuzýan adamlarym – sizsiňiz”.

Bu sözleri diňländen soň, Abu Talyp şeýle diýdi: “Eý hormatly doganymyň ogly! Men saňa kömek etmekden has gymmatly zat bilmeýärin. Nesihatlaryňy özleşdirip kabul etdik, sözleriňi hem ýürekden tassykladyk. Häzir bu ýerde ýygnananlar – ataň Abdylmuttalybyň çagalary. Şübhesiz, men hem olaryň biri. Seniň isleýän zadyňa aramyzda ilki men ylgaryn. Töweregiňi gurşap, seni goramakdan bir pursat hem saklanmajakdygyma söz berýärin. Sen buýrulan işiňi dowam et. Emma köne dinimden aýrylmak meselesinde nebsimi maňa boýun bolýan görmedim”.

Abu Lehebden başga ol ýerdäki garyndaşlary we kakasynyň doganlary ýumşak gepleşdiler. Emma Abu Leheb: “Eý Abdylmuttalyp ogullary! Başgalar onuň elinden tutup saklamazdan öň, siz ony saklaň. Eger şu gün onuň aýdanlaryny kabul etseňiz, kemsidilip, masgara bolarsyňyz. Ony goramaga ýapyşsaňyz, hemmäňiz öldürilersiňiz…” diýip, edepsiz sözler aýtdy we haýbat atdy. Abu Lehebe garşy Pygamberimiziň bibisi şeýle diýdi: “Eý doganym! Doganymyň ogluny we onuň dinini kömeksiz goýmak saňa gelişýärmi? Allaha kasam, şu gün ýaşaýan alymlar Abdylmuttalybyň neslinden bir pygamberiň geljekdigini bildirýärler. Ine, ol pygamber – şu”.

Bu sözleriň öňünde Abu Leheb erbet sözlerini dowam etdi. Abu Talyp Abu Lehebe gaharlanyp: “Eý gorkak! Allaha kasam, biz diri wagtymyz biz – onuň kömekçileri we goragçylary” diýdi. Ol Muhammet aleýhisselama öwrülip: “Eý doganymyň ogly! Adamlary Rebbiňe iman getirmäge çagyrmak isleýän wagtyňy bize bildir; biz ýaraglanyp, seniň bilen bile çykarys” diýdi. Şondan soň Kainatyň buýsanjy Pygamberimiz ýene söze başlap, şeýle diýdi: “Eý Abdylmuttalyp ogullary! Allaha kasam, araplaryň arasynda meniň size getiren, dünýäňiz we ahyretiňiz üçin haýyrly bolan zadymdan (ýagny bu dinden) has üstün we has haýyrly zady öz kowmuna getiren hiç bir adam ýokdur. Men sizi dile ýeňil, mizanda agyr basýan iki sözi aýtmaga çagyrýaryn. Ol – Allahdan başga ilahyň ýokdugyna we meniň Onuň guly we resuly bolandygyma şaýatlyk etmegiňizdir. Allahu tagala maňa sizi şuňa çagyrmagy buýurdy. Onda haýsyňyz meniň bu çagyryşymy kabul eder we bu ýolda meniň kömekçim bolar?” Hiç kimden ses çykmady. Hemmesi başlaryny aşak saldylar. Pygamberimiz bu sözlerini üç gezek gaýtalady. Her gezek aýdanda hezreti Aly ýerinden turýardy. Üçünji gezek ol: “Ýa Resulallah! Ýaş taýdan men olaryň iň kiçisi bolsam-da, saňa men kömekçi bolaryn” diýdi. Şonda Resulullah hezreti Alynyň elinden tutdy.

Galanlar haýran galyp dargadylar. Allahu tagalanyň Habyby (sallallahu aleýhi we sellem) garyndaşlarynyň şeýle garaýşy sebäpli örän gynandy.

Emma ol ruhdan düşmän, olaryň dowzahdan halas bolmaklary, bagta ýetmekleri üçin çagyryşyny dowam etdi.

Bigsetiň dördünji ýylynda Hyjr süresiniň 94-nji aýaty indi. Manysyna görä: “(Eý Habybym!) Saňa buýrulan zady (buýruklary we gadaganlyklary) açyk yglan et. Müşriklerden ýüz öwür! Olaryň sözlerine üns berme!” diýen ylahy buýruk gelende, söýgüli Pygamberimiz mekgelileri yslama açyk-açan çagyryp başlady. Bir gün ol Safa depesine çykyp: “Eý Kuraýş halky! Şu ýere ýygnanyp, meniň sözlerimi diňläň!” diýdi. Taýpalar ýygnanandan soň, ol: “Eý kowmum! Menden hiç ýalan söz eşidipmidiňiz?” diýip sorady. Hemmesi bir agyzdan: “Ýok, eşitmedik” diýdiler. Ol şeýle diýdi: “Allahu tagala maňa pygamberlik ihsan etdi we meni size pygamber edip iberdi”. Soňra ol Agraf süresiniň 158-nji aýatyny okady, onuň manysy: “(Eý Habybym!) Olara aýt: ‘Eý ynsanlar! Men siziň hemmäňize iberilen, ýerleriň we asmanlaryň eýesi Allahu tagalanyň resulydyryn. Her bir janlyny öldürýän hem, direldýän hem – Oldur. Ondan başga (ybadata mynasyp) ilah ýokdur’”. Diňleýänleriň arasyndaky kakasynyň dogany Abu Leheb gaharlanyp, küfründe tutanýerlilik edip: “Doganymyň ogly akyldan azaşypdyr! Biziň butlarymyza çokunmaýanyň, dinimizden aýrylanyň sözüni diňlemäň!” diýip gygyrdy. Ol ýerdäkiler dargadylar we hiç kim iman getirmedi. Pygamberimiziň dogruçyl, beýik ahlakly bolandygyny bilip durkalar hem, olar ondan ýüz öwürdiler we oňa duşman boldular.

“Ýakyn garyndaşlaryňy Allahyň azaby bilen gorkuzyp, olary hak dine çagyr” Şugara: 214

Ýene bir gün Allahu tagalanyň: “Saňa buýrulan zady (buýruklary we gadaganlyklary) açyk bildir” diýen buýrugyna boýun bolup, Pygamberimiz ýene Safa depesine çykdy. Belent we gaty ses bilen ol halka: “Ýa sabahah! Bu ýere geliň, ýygnanyň, meniň size möhüm bir habarym bar!” diýip ýüzlendi.20 Bu çagyryşdan soň taýpalar ylgaşyp ýygnandylar. Olar haýran galyp we gyzyklanyp garaşyp başladylar. Gelmedikler näme üçin ýygnanylýandygyny bilmek üçin öz adamlaryny iberdiler. Gelenleriň bir topary: “Eý Muhammedul-Emin! Bizi bu ýere näme üçin ýygnadyň, näme habar bermekçi bolýarsyň?” diýip sorap başladylar. Ol bolsa sözüni: “Eý Kuraýş taýpalary!” diýen ýüzlenme bilen başlady. Her kes ony uly üns bilen diňleýärdi. Ol sözüni dowam etdi: “Meniň bilen siziň ýagdaýyňyz duşmany görüp, maşgalasyna habar bermek üçin ylgan we duşmanyň özünden öň maşgalasyna ýetip, zyýan ýetirmeginden gorkup, ‘Ýa sabahah!’ (Duşman bizi gabady! Säher geldi! Çalt söweşe taýýarlanyň!) diýip gygyran adamyň ýagdaýyna meňzeýär. Eý Kuraýş jemagaty! Eger men size şu dagyň aňyrsynda bir duşman goşuny bar, ol size hüjüm etmäge taýýar dur diýsem, maňa ynanarmydyňyz?” Olar: “Hawa, ynanardyk. Çünki şu wagta çenli biz senden dogruçyllykdan başga zada şaýat bolmadyk. Seniň ýalan sözländigiňi hiç görmedik!..” diýdiler.

Şondan soň ol Kuraýşyň ähli taýpalaryny sanap: “Eý Haşym ogullary! Eý Abdy Menaf ogullary! Eý Abdylmuttalyp ogullary!” diýdi we şeýle dowam etdi: “Men size gelmegi hökman bolan agyr azap barada duýduryjydyryn. Allahu tagala maňa iň ýakyn garyndaşlarymy ahyret azaby bilen gorkuzmagy buýurdy. Men sizi: La ilähe illallahu wahdehu la şerike leh (Allah birdir, Ondan başga ilah ýokdur) diýip, iman getirmäge çagyrýaryn. Men bolsa Onuň guly we resulydyryn. Eger muňa iman getirseňiz, jennete girersiňiz. Siz ‘La ilähe illallah’ diýmeseňiz, men size ne dünýäde peýda, ne-de ahyretde nesibe berip bilmerin”. Diňleýän taýpalaryň arasyndan Abu Leheb: “Bizi şonuň üçin ýygnadyňmy?” diýip, ýerden alan daşyny söýgüli Pygamberimize zyňdy. Beýlekilerden beýle garşylyk bolmady; olar öz aralarynda gürleşip dargadylar.21

Güni sag elime berseler-de!

Bu çagyryşlardan soň söýgüli Pygamberimiz nirede bir adamy ýa-da bir topary görse, olara yslamy düşündirdi. Ol hakyky halas bolmagyň nebse eýermekden, zulumdan, adalatsyzlykdan we her hili erbet işlerden daşlaşmak we Allahu tagala iman getirmek bilen mümkindigini bildirdi. Nebisleriniň isleglerine, şähwetlerine eýerenler, ejizleri ezýänler we azgynlykda çäkden çykanlar muňa berk garşy çykdylar. Ähli bu bozuk işlerine çäk goýuljakdygyny görüp, olar Muhammet aleýhisselamyň bildirenlerini inkär etdiler. Olar oňa we iman getirenlere duşman boldular. Müşrikler ilki masgaralaýardylar. Soňra olar sütemlerini we gynamalaryny artdyrmak kararyna geldiler. Olar möminleri gorkuzyp basyp ýatyrmak, yslam çagyryşyny söndürmek isleýärdiler. Olaryň başynda Abu Jehil, Utbe, Şeýbe, Abu Leheb, Ukbe ibn Abu Mugaýt, As ibn Waýl, Eswet ibn Muttalyp, Eswet ibn Abdy Ýagus, Welit ibn Mugire… bardy.

Bir gün Utbe, Şeýbe we Abu Jehil Abu Talyba şeýle diýdiler: “Sen – biziň ulumyz. Biz saňa hemişe hormat goýýarys, seni uly tutýarys. Indi bolsa doganyňyň ogly täze bir din döretdi. Ol biziň butlarymyzy sögýär we bizi kapyrlykda aýyplaýar. Oňa nesihat et. Ony bu işden saklan. Eger ol yzyna gaýtmasa, onuň bilen nähili iş salyşmalydygyny biz bilýäris…”

Abu Talyp olary köşeşdirip yzyna ugratdy, Pygamberimiz gynanmasyn diýip, bu barada oňa hiç zat aýtmady. Birnäçe wagtdan soň müşrikler ýene ýygnanyşyp, Abu Talybyň ýanyna geldiler we şeýle diýdiler: “Mundan öň hem seniň ýanyňa gelip, ýagdaýy bildiripdik. Sen sözümize üns bermediň. Ol bolsa henizem butlarymyzy ýamanlamagyny dowam etdirýär. Indi biziň takatymyz galmady. Ikiňiz bilen hem ganymyzyň soňky damjasyna çenli söweşeris. Mekgede ýa ol, ýa-da biz ýok bolarys”. Abu Talyp olary köşeşdirmäge çalyşdy, emma olar öz inatlaryndan dänmediler.22

Abu Talyp Resulullahyň göwnüniň galmagyny islemeýşi ýaly, onuň bilen kowumynyň arasynda hiç hili duşmançylygyň döremegini hem islemeýärdi. Ol Pygamberimiziň ýanyna gelip: “Eý Muhammet! Tutuş kowum saňa duşmançylykda birleşdi we maňa arz-şikaýat bilen geldi. Garyndaşlaryň arasyndaky duşmançylyk gowy zat däl. Olar seniň özlerine kapyr diýmezligiňi, bozuk ýoldadyklaryny aýdyp, olary ýamanlamazlygyňy isleýärler” diýdi. Şondan soň Habyby ekrem şeýle diýdi:

“Eý agam! Şuny bil: güni sag elime, aýy-da çep elime berseler hem (näme wada berseler bersinler), men bu dinden we ony ynsanlara ýetirmekden, bildirmekden asla ýüz öwürmerin. Ýa-da Allahu tagala bu dini bütin jahana ýaýar we meniň wezipäm tamamlanar, ýa-da men bu ýolda janymy pida ederin”. Şondan soň ol ýerinden turdy. Onuň mübärek gözleri ýaşdan dolupdy.

Resulullahyň gynanandygyny gören Abu Talyp aýdan sözlerine puşman etdi we onuň boýnundan gujaklap: “Eý doganymyň ogly! Ýoluňy dowam et, isleýän zadyňy et. Men diri wagtym saňa hemaýat ederin, seni goraryn” diýdi.23

Müşrikleriň öňdebaryjylaryndan on adam Abu Talybyň hezreti Muhammede hemaýat edýändigine düşünende, Umara ibn Welidi hem ýanlaryna alyp, Abu Talybyň ýanyna bardylar. Olar oňa kabul edip bolmajak bir teklip etdiler: “Eý Abu Talyp! Bilýärsiň, bu Umara – Mekge ýigitleriniň iň owadany, iň güýçlüsi, iň ahlaklysy. Mundan başga-da ol şahyr. Ony saňa bereli, öz işleriňde ulan. Umaranyň deregine bize Muhammedi ber, biz ony öldüreli. Saňa adama derek adam! Ýene näme isleýärsiň?” Abu Talyp bu söze örän gaharlandy. Ol: “Siz ilki maňa öz ogullaryňyzy beriň. Olary men öldüreýin. Ondan soň doganymyň ogluny bereýin” diýdi. Şonda müşrikler işiň näderejede howpludygyna düşünip: “Biziň çagalarymyz onuň edýänini etmeýär-ä…” diýdiler. Abu Talyp şeýle diýdi: “Kasam edýärin, meniň doganymyň ogly siziň ähli çagalaryňyzdan has haýyrlydyr. Diýmek, siz ogluňyzy maňa berip ekletjek, meniň jigerbendimi alyp öldürjek bolýarsyňyz, şeýlemi!.. Hatda maýa düýe hem öz köşeginden başgasyny küýsemez we goramaz. Bu iş akyldan we mantykdan örän daşdyr. Indi iş çäkden çykdy. Kim meniň jigerbendim Muhammediň (aleýhisselam) duşmany bolsa, men hem onuň duşmanydyryn. Muny şeýle biliň-de, eliňizden gelenini ediň!”24 Müşrikler gazap bilen ýerlerinden turup gitdiler. Abu Talyp derrew Haşym ogullaryny we Abdylmuttalyp ogullaryny ýygnady. Olara ýagdaýy gürrüň berip, söýgüli Pygamberimize (sallallahu aleýhi we sellem) kömek etmäge yrdy. Resulullahy öldürmek üçin galdyrylan gollar döwüljekdi. Bu meselede olar müşriklere garşy birleşdiler. Diňe Abu Leheb olara goşulmady. Abu Talyp olara: “Eý ýigitler! Ertir her biriňiz gylyjyňyzy biliňize dakyp, meniň yzyma düşüň!” diýdi.

“Eý agam! Şuny bil: güni sag elime, aýy-da çep elime berseler hem (näme wada berseler bersinler), men bu dinden we ony ynsanlara ýetirmekden, bildirmekden asla ýüz öwürmerin. Ýa-da Allahu tagala bu dini bütin jahana ýaýar we meniň wezipäm tamamlanar, ýa-da men bu ýolda janymy pida ederin” Söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselam

Ertesi gün Abu Talyp Pygamberimiziň öýüne bardy, soňra olar hemmesi bilelikde Haremi şerife tarap ýörediler. Haşym ogullarynyň batyr ýigitleri olaryň yzyndan barýardylar. Olar Käbä gelip, müşrikleriň garşysynda durdular. Abu Talyp müşriklere: “Eý kuraýşlylar! Doganymyň ogluny öldürmek kararyna gelendigiňizi eşitdim. Meniň arkamda duran bu ýigitleriň ellerini gylyçlarynyň sapynda saklap, sabyrsyzlyk bilen meniň bir yşaratyma garaşýandyklaryny bilýärsiňizmi? Kasam edýärin, eger Muhammedi öldürseňiz, hiç biriňizi diri goýmaryn!..” diýdi-de, söýgüli Pygamberimizi öwýän goşgulary okap başlady. Ol ýerdäki müşrikler, Abu Jehilden başlap, dagaşyp gitdiler.