Söýgüli Pygamberim

GABAW

Gabawyň başlanmagy

Bigsetiň ýedinji ýyly… Müşrikler yslamyň ýüreklere ornaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin dyngysyz jan edýärdiler. Muňa garamazdan, her geçen gün musulmanlaryň sany biraz artýardy. Musulmanlara edilýän sütemler we zulumlar olary ýollaryndan dändirmeýärdi, tersine, olaryň biri-birine has-da berk ýapyşmagyna, jebisleşmegine sebäp bolýardy. Olaryň hiç biri dininden dänmeýärdi, Resulullahyň ýolunda janlaryny pida etmekden çekinmeýärdiler. Muny eşiden Mekgäniň daşyndaky taýpalaryň gyzyklanmasy artýardy, yslamyň şöhleleri has uzak ýerlere ýetýärdi. Müşrikler Habeşistana iberen adamlarynyň maksadyna ýetip bilmändiklerini, hatda Najaşy Ashamanyň musulman bolandygyny, musulmanlary gorap, olara gowy garaýandygyny bilenlerinde, gazapdan ýaňa däli ýaly boldular. Munuň aryny artygy bilen almak, yslamyň köküni gurutmak üçin olar ýygnanyşyp, şeýle aýylganç karara geldiler: “Nirede bolsa bolsun, nirede görülse görülsin, Muhammet hökman öldüriler!..”

Kapyrlar munuň üçin kasam üstüne kasam etdiler.

Müşrikleriň bu kararyny eşiden Abu Talyp gaty gynandy. Ol jigerbendi bolan mübärek doganynyň oglunyň janyndan aladalandy. Öz taýpasyny ýygnap, olara Kainatyň Soltanyny kuraýşly müşriklerden goramagy buýurdy. Haşym ogullary garyndaşlyk gaýraty bilen bu buýrugy ýerine ýetirmek üçin birleşdiler. Şonuň üçin olar Pygamberimizi we oňa iman getiren ähli sahabalaryny Mekgäniň demirgazyk tarapynda, Beýtullahdan üç kilometr töweregi uzaklykdaky depäniň üstünde ýerleşýän Şigby Abu Talyba, ýagny Abu Talybyň mähellesine çagyrdylar. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) sahabalaryny ýygnap, Şigbda ýaşap başlady. Haşym ogullaryndan diňe Abu Leheb Pygamberimizi goramak kararyna garşy çykdy we Şigba gitmedi. Müşrikler, onuň özi hem olaryň arasynda, birleşip, Pygamberimizi öldürmek üçin pursat gözläp başladylar.1

Müşrikler Pygamberimiziň we onuň sahabalarynyň Abu Talybyň mähellesinde ýygnanandyklaryny görüp, ýene bir ýere jemlendiler. Soňra şeýle karar kabul etdiler: “Muhammet aleýhisselam öldürilmek üçin kuraýşlylara tabşyrylýança, Haşym ogullaryndan gyz alynmaz!.. Olara gyz berilmez!.. Olara hiç zat satylmaz!.. Olardan hiç zat satyn alynmaz!.. Olar bilen bir ýere jemlenip gürleşilmez, görüşilmez!.. Olaryň öýlerine, mähellelerine girilmez!.. Olardan geljek ýaraşyk islegi asla kabul edilmez!.. Olara hiç haçan rehim edilmez!..”

Bu karary Mansur ibn Ikrime atly bir müşrik kagyza ýazdy, olar ony möhürlediler. Hemmeler görüp, oňa eýersin diýip, ony Käbeýi muazzamanyň diwaryndan asdylar.

Bu habar söýgüli Pygamberimize ýetende, ol gaty gynandy we doga etdi. Dogasy derrew kabul bolup, bagtsyz Mansuryň elleri bir pursatda gurady. Müşrikler aljyraňňy boldular we: “Görüň! Haşym ogullaryna eden zulumymyzyň jezasy hökmünde Mansuryň elleri gurap, ol bela duçar boldy” diýdiler. Akyllaryny başlaryna jemlemegiň ýerine, has-da azgynlaşdylar. Şigba barýan ýollaryň başyna garawullar goýdular. Ol ýere iýmit we geýim girizilmegine ýol bermediler. Mekgä gelen söwdagärlere Şigba girmezligi, harytlaryny ol ýere eltmezligi, gerek bolsa, olary ýokary bahadan özleriniň satyn aljakdyklaryny aýtdylar. Şeýdip, Şigbdakylary açlykdan öldürerler ýa-da Haşym ogullary puşman edip, Pygamberimizi özlerine tabşyrarlar diýip pikir etdiler. Bu ýagdaý her ýyl Käbäni zyýarat etmek möwsümine çenli dowam ederdi.

“Eý Pygamberim! Saňa Allah we möminlerden seniň yzyňa eýerenler ýeterlikdir!” Enfäl: 64

Däp-dessurlara görä, bu wagtda gan dökülmezdi. Şonuň üçin Haşym ogullary Mekgä erkin baryp, alyş-çalyş edip, bir ýyllyk zerurlyklaryny üpjün etmäge çalyşardylar. Olaryň biri bir söwdagäriň ýanyna haryt almaga gelse, müşrikleriň öňdebaryjylaryndan Abu Leheb we Abu Jehil ýaly müşrikler derrew ýetip gelip, söwdagärlere: “Eý söwdagärler! Muhammediň sahabalaryna bahalaryňyzy gaty ýokary galdyryň. Gymmatlygy sebäpli hiç kim hiç zat satyn alyp bilmesin! Şonuň üçin harytlaryňyz satylman, eliňizde galsa, olaryň hemmesini almaga biz taýýar” diýerdiler. Söwdagärler hem harytlaryna ýokary baha aýdardylar, musulmanlar bolsa hiç zat alman yzyna dolanardylar…

Bu ýolda söýgüli Pygamberimiz, hezreti Hatyja enemiz, Abu Bekir Syddyk ähli mallaryny harçladylar, çagalaryň açlykdan asmana ýetýän nalyşlaryny köşeşdirmäge çalyşdylar. Olara agaç gabyklaryny, ot köklerini we hatda guran deri böleklerini iýdirdiler. Ejeler, kakalar çäresizlikden bir deri, bir süňk bolup galypdylar. Pygamberimiz we hormatly sahabalar açlykdan mübärek garynlaryna daş daňdylar. Müşrikleriň biri rehimi inip, gizlinlikde bir zat getiräýse, ony urardylar, gaty kemsiderdiler. Gysgaça, gatnaw kesilip, möminler agyr ýagdaýa düşüpdiler.

Müşrikler bu güýçli zulum bilen Haşym ogullarynyň ýola geljegine, Abu Talybyň Pygamberimizi özlerine tabşyrjagyna garaşyp durdular. Abu Talybyň mähellesindäki musulmanlar bolsa, olaryň bu pikirleriniň tersine, Pygamberimizi goraýardylar we oňa zyýan ýetmezligi üçin ähli çäreleri görýärdiler. Bolup biljek bir kastyň öňüni almak üçin Abu Talyp Resulullahyň ýatýan ýerine nobatma-nobat goragçylar goýýardy, onuň öýünde rahat ýatmagyny üpjün edýärdi. Pygamberimiz bolsa hiç çekinmezden, Allahu tagalanyň buýrugyny ýerine ýetirmek, yslamy ýaýratmak üçin bir pursatyny-da biderek geçirmeýärdi. Ynsanlary dine çagyryp, olaryň dowzahdan halas bolmagyna sebäp bolmak üçin jan edýärdi, bu ýolda sabyr bilen nesihatlaryny dowam etdirýärdi. Ony ýalançy saýan kuraýşly müşrikleriň hem açlygyň näme diýmekdigine düşünmekleri üçin, bir gün Resulullah: “Allahym! Ýusup (aleýhisselam) zamanyndaky ýedi gytçylyk ýyly ýaly, bulara-da ýedi gytçylyk azabyny berip, maňa kömek et” diýip doga etdi. Mundan soňky günlerde asmandan bir damja-da ýagyş ýagmady. Toprak suwsuzlykdan gowruldy. Ýerde gök ösümlik görünmez boldy. Kuraýşly müşrikler näme bolanyny bilmän aljyradylar. Olar açlykdan ölen haýwanlaryň läşlerini, porsan it derilerini iýip, ölümden halas bolmaga çalyşdylar.

Olaryň hem çagalary açlykdan nala çekip aglap başladylar. Olaryň köpüsi açlykdan öldi. Açlykdan asmana seredenlerinde, her tarapy tüsse gaplap alan ýaly görýärdiler. Akyllary başlaryna gelip, eden zulumlarynyň ulylygyna düşünen ýaly boldular. Öz aralaryndan Abu Sufýany Pygamberimiziň mübärek huzuryna iberdiler. Abu Sufýan gelip kasam etdi we: “Eý Muhammet! Sen özüňi älemlere rahmet edip iberilen diýýärsiň, bize Allaha ynanmagy, garyndaşlyk haklaryny berjaý etmegi buýurýarsyň. Emma seniň kowmuň guraklykdan we açlykdan gyrlyp ölýär. Bu belanyň üstümizden aýrylmagy üçin Rebbiňe bir doga edäý; Allah seniň eden dogaňy kabul edýär. Eger şeýle doga etseň, hemmämiz iman getireris!..” diýdi.

Şeýlelikde, olar eden zulumlaryny we sütemlerini bir gyra goýup, kynçylyga düşüp, Resulullaha ýalbaryp başlapdylar. Pygamberimiz olaryň edenlerini ýüzlerine basmady, “Iman getireris” diýen sözlerini eşidip, mübärek ellerini galdyryp, Jenaby Haka doga etdi. Allahu tagala Habybynyň dogasyny kabul edip, Mekgäniň üstüne bol-bol ýagyş iberdi; topraklar suwa ganyp, ösümlikler gögerip başlady. Müşrikler guraklykdan we gytçylykdan halas bolandyklaryna garamazdan, beren sözlerini unudyp, küfürde tutanýerlilik etdiler…

Allahu tagala olara jogap hökmünde inderen aýaty kerimelerinde manysyna görä şeýle diýdi: “Ýok, olar (Allahu tagala hem, Muhammet aleýhisselama hem ynanmaýarlar; Kurany Kerim, ahyret we gaýtadan direlmek barada) şübhe içinde oýnap-güýmenip ýörler. Onda (eý Habybym!) asmanyň aç-açan bir tüsse getirjek gününe garaş. Ol tüsse ähli ynsanlaryň üstüni doly örter. Bu – örän ýowuz azapdyr! (Ynsanlar:) ‘Eý Rebbimiz! Bu azaby bizden aýyr, biz iman getireli’ diýerler. Özlerine hakykatlary düşündirýän bir pygamber gelendigine garamazdan, olar üçin pikir edip, ybrat almak nirede? Soňra ondan ýüz öwürdiler we: ‘Ol – öwredilen bir mejnundyr’ diýdiler. Biz bu azaby sähel aýyranymyzda, siz ýene öňki ýagdaýyňyza dolanarsyňyz. Uly bir zarba bilen tutuljak günlerinde (Bedr güni) Biz, elbetde, (olardan) ar alarys. Jelalymyň hakyna, Biz, elbetde, bulardan (kuraýşly müşriklerden) öň Firgawunyň kowmuny hem synapdyk. Olara Biziň tarapymyzdan şerefli bir pygamber geldi (ol – Musa aleýhisselamdyr). Ol olara şeýle diýdi: ’Allahyň bendelerini (Ysraýyl ogullaryny) maňa beriň. (Olary meniň bilen iberiň. Ýakalaryny boşadyň, olara azap etmäň.) Şübhesiz, men size Allahu tagala tarapyndan wahy bilen iberilen ygtybarly bir pygamberdirin. Allahu tagala garşy tekepbirlik etmäň. Çünki men size dawamyň dogrudygyny görkezýän delil bilen, açyk mugjyza bilen geldim. Biliň, men meni daşlamagyňyzdan, öldürmegiňizden meniň hem, siziň hem Rebbiňiz bolan Allahu tagala sygynýaryn; Ol meni gorar. Eger meni tassyklamasaňyz we maňa iman getirmeseňiz, meni öz halyma goýuň. (Men ýagşylygyňyzdan geçdim. Hiç bolmanda, ýamanlygyňyz degmesin.)’ (Olar iman getirmän, ony ýalana çykaranlary ýetmezçilik edýän ýaly, oňa dürli ezýet we jepa edip başlanlarynda) Musa (aleýhisselam) Allahu tagala doga edip: ‘Ýa Rebbim! Bular küfürde tutanýerlilik edýän bir kowumdyr’ diýdi. Allahu tagala oňa wahy iberip, şeýle diýdi: ’Bendelerim (Ysraýyl ogullary) bilen gije (Müsürden) çykyp git! Firgawun we onuň tarapdarlary siziň çykanyňyzy eşidenlerinde, hökman yzyňyzdan kowarlar. Kowmuň bilen deňzi geçeniňden soň, ony bolşy ýaly goý (hasaňy gaýtadan urup, açylan ýollary ýapma; açyk goý). Çünki Firgawun we onuň goşuny ol ýollara girip gark bolarlar, suwa batarlar’”.2

Gabawyň ýatyrylmagy

Müşrikler “Iman getireris” diýen sözlerinden dänip, ýene zulum etmäge başladylar. Bir gün Allahu tagala Pygamberimize wahy arkaly “Käbede asylgy duran ähtnama bir agaç gurçugyny (güýesini) musallat edendigini we ol gurçugyň Allahu tagalanyň adyndan başga ähli ýazgylary iýendigini” bildirdi. Pygamberimiz Abu Talyba: “Eý agam! Meniň Rebbim bolan Allahu tagala kuraýşlylaryň ähtnamasyna agaç gurçugyny musallat etdi. Allahu tagalanyň adyndan başga, onda ýazylan zulum, garyndaşlyk gatnaşygyny kesmek, töhmet… ýaly zatlaryň hiç birini galdyrmady, hemmesini ýok etdi” diýdi.

“Allahym! Ýusup (aleýhisselam) zamanyndaky ýedi gytçylyk ýyly ýaly, bulara-da ýedi gytçylyk azabyny berip, maňa kömek et!” Hadysy şerif

Abu Talyp: “Muny saňa Rebbiň habar berdimi?” diýip soranda, Pygamberimiz: “Hawa” diýdi. Şonda Abu Talyp: “Men şaýatlyk edýärin, sen hemişe diňe dogrusyny sözleýärsiň” diýdi. Ol derrew geýnip, Käbä gitdi. Müşrikleriň öňdebaryjylary şol ýerde oturan ekenler. Abu Talybyň gelýändigini görüp: “Elbetde, Muhammedi bize tabşyrmaga gelýändir!..” diýdiler. Abu Talyp olaryň ýanyna baranda: “Eý Kuraýş jemagaty! ‘El-Emin’ diýlip atlandyrylan we hiç haçan ýalan sözlemedik doganymyň ogly siziň ýazan sahypaňyzdaky Allahu tagalanyň adyndan başga ähli ýazgylary bir agaç gurçugynyň iýendigini habar berdi. Hany, biziň garşymyza ýazan kagyzyňyzy getiriň, göreliň!.. Eger bu söz dogry bolsa, kasam edýärin, biz hemmämiz ölýänçäk ony goramagy dowam etdireris! Siz hem indi bu zulumyňyzdan we erbet hereketleriňizden el çekiň…” diýdi. Müşrikler tolgunyp, sahypany Käbäniň diwaryndan aýryp getirdiler. Abu Talyp: “Okaň!” diýende, olaryň biri okamak üçin sahypany açdy we “Bismike Allahumme” sözlerinden başga ähli ýazgylaryň pozulandygyny gördi.3 Müşrikler näme diýjeklerini, näme etjeklerini bilmän aljyradylar. Hatda käbirleri ähtnamadan el çekensoň, olar üç ýyldan bäri dowam edýän, unudylmajak ejirler çekdiren, göwünlerde çuňňur ýaralar açan bu agyr gabawy ýatyrdylar. Emma duşmançylyklaryndan asla el çekmediler; üstesine, has-da gatylyk görkezdiler. Yslamyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ähli ýollary synap gördüler. Bu jan etmelerine garamazdan, yslam çalt ýaýraýardy. Söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselam jahyliýet döwrüniň garaňkylygynda (zulmatynda) ejir çekýän ynsanlary halas etmäge çalyşýardy we olary hakyky bagta ýetirýärdi. Bu bagta ýetenler gowşan beýik nygmatlary üçin şükür edýärdiler, müşrikleriň kemsitmelerinden we sütemlerinden asla gorkmaýardylar. Muhammet aleýhisselamyň mugjyzalaryny we musulmanlaryň öz dinlerindäki berkligini gören näçe göwünler yslam nury bilen nurlanýardy.

Aýyň ikä bölünmegi

Pygamberimiziň beýik mugjyzalaryndan biri hem Aýyň ikä bölünmegidir. Olaryň arasynda Abu Jehil we Welit ibn Mugire hem bolan bir topar müşrik Resuly ekreme (sallallahu aleýhi we sellem): “Eger sen hakykatdan hem pygamber bolsaň, Aýy ýarysy Kugaýkygan dagynyň, ýarysy Abu Kubeýs dagynyň üstünde görüner ýaly edip ikä böl!..” diýdiler. Resulullah: “Eger men muny etsem, iman getirersiňizmi?” diýdi. Olar: “Hawa, iman getireris” diýdiler. Resulullah Aýyň ikä bölünmegini Allahu tagaladan diläp doga etdi. Jebraýyl aleýhisselam derrew söýgüli Pygamberimiziň ýanyna geldi we: “Eý Muhammet! Bu gije mekgelilere mugjyzany synlasynlar diýip habar ber” diýdi. Pygamberimiz aýyň on dördünde, doly bedr (dolan aý), ýagny aýyň tegelek we iň ýagty bolan gijesinde Aýyň ikä bölünjekdigini, ybrat almak isleýänleriň synlamagyny bildirdi. Şol gije söýgüli Pygamberimiz mübärek barmagy bilen yşarat edende, Aý ikä bölündi. Onuň bir bölegi Abu Kubeýs dagynyň, beýlekisi Kugaýkygan dagynyň üstünde göründi. Soňra olar asmanda ýene birleşdi.

Resulullah: “Eý Abu Seleme ibn Abdylesed, Erkam ibn Abul-Erkam! Şaýat boluň!” diýenden soň, ýanyndaky beýleki sahabalaryna hem: “Şaýat boluň!” diýdi. Müşrikler bolsa öz gözleri bilen ýene bir aç-açan mugjyzany gördüler. Emma olar sözlerinde durmadylar, iman getirmediler; üstesine-de, başgalaryň hem iman getirmegine päsgel bermek üçin: “Bu diňe Muhammediň bize eden jadysydyr! Emma ol ähli ynsanlary jadylap bilmez ahyryn!.. Geliň, başga ýurtlardan gelen adamlardan hem soralyň. Göreliň, olar hem şol wakanyň şaýady bolupdyrlarmy? Eger gören bolsalar, Muhammediň pygamberlik dawasy dogrudyr. Ýogsa bu – jadydyr” diýdiler. Gelenlerden soradylar, hatda başga ýerlere adam iberip soratdylar. Hemmelerden şol bir sözi eşitdiler: “Hawa, şol gije Aýyň ikä bölünendigini gördük!” Muňa garamazdan, ýene inkär etdiler. Inkär edijileriň başynda Abu Jehil durýardy. Ynsanlar iman nygmatyna gowuşmasyn diýip, ol: “Abu Talybyň ýetiminiň jadysy asmana-da täsir etdi!..” diýip, göwünleri bozýardy.4 Onuň bu inkäri sebäpli Allahu tagala aýaty kerimeler inderdi, olaryň manysy:

“Sagat (kyýamat) ýakynlaşdy we Aý ýaryldy (ikä bölündi). Olar (kuraýşly kapyrlar) bir mugjyza (Muhammet aleýhisselamyň pygamberligine delil bolan mugjyza) görseler, ýüz öwürýärler (ol hakda pikir etmekden we iman getirmekden) we: ’Bu – dowamly (yzy üzülmeýän, hemme zady gurşap alýan, güýçli) bir jadydyr’ diýýärler. Olar (pygamberi ýa-da mugjyzany) ýalana çykardylar we öz höweslerine (nebisleriniň arzuwlaryna we isleglerine) eýerdiler. Emma her iş (özüniň ugrukdyrylan) netijesine ýetýär, ornuny tapýar. Kasam bolsun, olara (Mekge müşriklerine) olary (ýamanlykdan) saklajak näçe möhüm habarlar (hökümler, gadaganlyklar) geldi. (Bu buýruklar we bilimler) – doly hikmetdir. Emma resullar, duýduryşlar we gorkuzmalar (olara) asla peýda bermeýär. Onda sen hem (eý Habybym, olar inkärde tutanýerlilik etseler) olardan ýüz öwür. Ol çagyryjy (Ysrapyl aleýhisselam) görülmedik we bilinmeýän bir zada (magşar meýdanyna, hasaba) çagyran gün olar gözlerini aşak salyp, horlanyp (gorkudan we wehimden nirä gitjeklerini bilmän), dargan çekirtgeler ýaly gabyrlaryndan çykarlar. Kapyrlar (boýunlaryny egip) ol çagyryja tarap ylgaşanlarynda: ‘Bu gün biz üçin nähili agyr we kyn gün!’ diýerler”.5

Rebbim size-de hidaýat nesip etsin

Müşrikleriň musulmanlara garşy üç ýyl dowam eden gabawy tamamlanandan soň, Resulullahyň ýanyna Nejrandan bir topar adam geldi. Olar ýigrimi töweregi adamdy; yslam hakynda Habeşistana hijret eden hormatly sahabalardan eşidipdiler, yslamy öwrenmek we Pygamberimizi görmek bagtyna ýetmek üçin Mekgä gelipdiler. Olar Resulullah bilen Käbeýi muazzamanyň ýanynda duşuşdylar. Köp soraglar berip, isleýşlerinden-de gowy we kämil jogaplar aldylar. Kuraýşly müşrikler bolsa töwerekden olary synlap durdular. Älemlere rahmet edip iberilen söýgüli Pygamberimiz olara Kurany Kerimden käbir aýaty kerimeleri okap berdi. Olar mundan gaty täsirlendiler we gözýaşlaryny saklap bilmän agladylar. Soňra Pygamberimiziň çagyryşy bilen uly şatlyk bilen kelimeýi şahadat getirip, musulman bolmak şerefine eýe boldular. Olar ýurtlaryna dolanmaga rugsat soranlarynda, Abu Jehil ýanlaryna gelip, şeýle kemsidiji sözler aýtdy: “Siz ýaly akmaklary görmändik!.. Onuň ýanynda bir gezek oturmak bilen dinleriňizden aýryldyňyz we ol näme diýen bolsa, hemmesini tassykladyňyz!..” Täze sahaba bolmak şerefine eýe bolan bu adamlar: “Allahu tagalanyň size-de hidaýat (dogry ýol) nesip etmegini isleýäris. Bize eden bu kemsitmäňizi we nadanlygyňyzy biz size etmeris. Biz siziň hiç bir hakyňyzy depelemedik ahyryn. Emma şuny gowy biliň: birnäçe nadanyň sözi sebäpli gowşan bu beýik nygmatymyzy asla ýitirmek islemeýäris, bu hak dinden dänmeris” diýip jogap berdiler.6

“Eý agam! Meniň Rebbim bolan Allahu tagala kuraýşlylaryň ähtnamasyna agaç gurçugyny musallat etdi. Allahu tagalanyň adyndan başga, onda ýazylan zulum, garyndaşlyk gatnaşygyny kesmek, töhmet… ýaly zatlaryň hiç birini galdyrmady, hemmesini ýok etdi” Hadysy şerif

Allahu tagala bu waka sebäpli inderen aýaty kerimelerinde manysyna görä şeýle diýdi: “Mundan (Kurany Kerimden) öň özlerine kitap beren adamlarymyzdan köpüsi muňa (Kurany Kerime) ynanýarlar. Olara ol (Kurany Kerim) okalanda: ’Biz oňa iman getirdik. Şübhesiz, bu – Rebbimizden (gelen) hakdyr. Hakykatdan hem, biz mundan öň hem yslamy kabul eden adamlardyk’ diýdiler. Ine, bulara sabyr (we berklik) edendikleri üçin sylaglary iki gezek beriler. Olar ýamanlygy ýagşylyk bilen aýyrýarlar. Özlerine ryzk edip beren zatlarymyzdan (haýyr işlere) sarp edýärler. Olar gelşiksiz söz eşidenlerinde, ondan ýüz öwürýärler we: ’Biziň amallarymyz – bize, siziň amallaryňyz – size. Size salam bolsun (bizden howpsuz boluň). Biz nadanlary gözlemeýäris (we olaryň dostlugyny-da islemeýäris)’ diýýärler”.7

SUW KASYDASY8
Eý gözüm, ýaşyňdan sepme ýüregimdäki otlara suw,
Beýle lowlap ýanýan otlara çäre bolmaz suw.
Bilmen, aýlanýan gümmezi asman suw reňkindemi,
Ýa gözümiň ýaşyndan gümmezi gurşap aldy suw.
Gylyjyň lezzetinden ýüregim pare-pare bolsa, geň däl,
Çünki akyp geçende diwarda ýaryk galdyrar suw.
Ýaraly göwün seniň peýkanyň hakda gorkup sözlär9,
Ýarasy bar her kişi seresap içer suw.
Bagban gülzary suwa bersin, zähmet çekmesin,
Ýüzüň dek gül açylmaz, müň gülzara berse suw.
Hiç bir ýazyjy seniň kämil keşbiňi çekip bilmez,
Galam dek bakyp dursa-da, gözüne iner gara suw.
Ýüzüň ýadyna kirpiklerim nemlense, näme bolar,
Gül umydy bilen boşa gitmez tikene berlen suw.
Gam güni hassa göwünden gylyç dek nazaryňy gaýgyrma,
Haýyrly işdir garaňky gije hassa bermek suw.
Eý göwün, peýkanyny dile, aýralyk ýalnyny basdyr,
Suwsadym; bu sährada maňa gözlemeli suw.
Zahytlar Köwseri isleýşi dek, men dodagyňa müştak,
Meste meý hoş ýakyşy dek, huşýara hoşdur suw.
Seniň jennet köçäňe hemişe akyp barýar,
Belki, ol hoş ýöreşli serwä aşyk bolan suw.
Toprak bolup, şol köçeden onuň ýoluny tutsam gerek,
Goýbermerin ony ol ýere, çünki rakybymdyr suw.
Eý dostlar, elin ogşamak arzuwy bilen ölsem eger,
Topragymdan küýze ýasap, Söýgülä eltiň suw.

“Mundan öň özlerine kitap beren adamlarymyzdan köpüsi muňa ynanýarlar. Olara (Kurany Kerim) okalanda: ‘Biz oňa iman getirdik. Şübhesiz, bu – Rebbimizden (gelen) hakdyr. Hakykatdan hem, biz mundan öň hem yslamy kabul eden adamlardyk’ diýdiler” Kasas: 52–53

Jennetul-Mugalla

Hezreti Hatyja enemizden (radyýallahu anha) başlap, köp hormatly sahabalaryň türbeleri bolan
gonamçylyk.
Bu gün bu türbeleri görmek mümkin däl. Gynansak-da, bu ajaýyp
taryhy ýadygärlikleriň hemmesi ýykdyryldy.